Aydymlary online dinle
we yukle!

Şirnazar Taganow - Bir Gormage Gelip Git (Okayar Maksat Akyyew) -

Kategoriýa: Goşgular
Aýdymy ýükle
Şirnazar Taganow - Bir Gormage Gelip Git (Okayar Maksat Akyyew) - 02:34
  • Görüldi: 5843 gezek
  • Ýüklenen wagty: 21.08.2022, 20:05
  • Dowamlylygy: 02:34 min:sekunt.
  • Hil: 128kbps
  • Admin imo: +99361965202
  • Kategoriýa: Goşgular
Diňle
Şirnazar Taganow - Bir Gormage Gelip Git (Okayar Maksat Akyyew) - 02:34
0
0
Aýdymyň sözleri Şirnazar Taganow - Bir Gormage Gelip Git (Okayar Maksat Akyyew) - 02:34
Bir görmäge gelip git.
okayar: Maksat Akyyew
-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/
Ugruñda däli dek gezenim üçin,
Aşygyñy,bir görmäge gelip git.
Özlügim ýat edip söýenim üçin,
Ýalbarýaryn,bir görmäge gelip git.
-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/
Hemişe añymda edýärsiñ seýran,
Bu agyr hasratdan,ýüregim weýran,
Yşk ajysyn hergiz datdyrman jeýran,
Hassa halym,bir görmäge gelip git.
-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/
Ýitirip serimi,akyl-huşumy,
Gözüm baglangydyr,bilmen duşumy,
Iñ bolman uklamda nurlap düýşümi,
Hyýallarda,bir görmäge gelip git.
-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/-/
Öwrülsem,agaçda sargalan ýaprak,
Öwrülsem,şorlaşan ak - gara toprak,
Umyt edýän,üstüm depeläp köpräk,
Ahu-zaryñ,bir görmäge gelip git.
-/-/-/-/-/-/-/-/-=-/-=-=--/-/-/-/-/-/--/-/-/
Aýdaýyn tilimde garratman sözüm,
Intizar bakyp dur,nemlenen gözüm,
Päk duýgy jebrine berip sen dözüm,
Hasratymy,bir görmäge gelip git.
 
Şirnazar Taganow
imo: +99364121107
Teswirler к треку Şirnazar Taganow - Bir Gormage Gelip Git (Okayar Maksat Akyyew) - 02:34
avatar